Turkmenportal logo
Şu gün 11:53
75887588
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zyýat Hil: her gün üçin täzeje desertler

Zyýat Hil konditer dükanlarynyň ulgamy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny barha giňeýän desert görnüşleri bilen begendirýär. Bu ýerde her kim öz göwnüne ýaraýan tagamy aňsatlyk bilen tapyp biler: söwda tekjelerinde işdäaçar tortlar, näzik süýjülikler, hoşboý ysly bişirilen önümler we dürli-dürli beýleki süýjülikler hödürlenýär.

Zyýat Hil dükanlarynda her bir myhman hökman öz halaýan desertini tapar. Nusgawy tagamlary halaýarsyňyzmy? Sizi çagalykdan tanyş «Napoleon» we «Medowik» tortlary garaşýar. Täze bir zat synap görmek isleýän bolsaňyz, özboluşly tagam utgaşmalary bilen taýýarlanan awtorlyk desertlerini dadyp görüň.

Bu ýerde esasy üns berilýän zat — täzeçilik we ýokary hil. Ähli süýjülikler tebigy önümlerden taýýarlanýar, aşhanada bolsa arassaçylyk kadalary berk berjaý edilýär. Şonuň üçin desertler diňe bir tagamly bolman, eýsem howpsuz hem bolup durýar.

Zyýat Hil her gün irden 8:00-dan agşam 22:45-e çenli dynç alyşsyz işleýär. Eger dükanlara baryp bilmeseňiz, eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp, halaýan süýjülikleriňizi öýüňize sargyt edip bilersiňiz. 150 manatlykdan ýokary sargyt edilende, Aşgabat we Gökdepe etrabynyň çägine eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamlardaky sahypasy.