Türkmenistanyň teatr ussatlary welaýatlarda saparda bolýarlar. Golaýda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýatynda döredijilik saparynda boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Teatryň sahna ussatlary Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda çagalar hem-de ulular üçin birnäçe gyzykly sahna oýunlaryny görkezdiler.
Döredijilik saparynyň maksatnamasyna Žan Ženeniň pýesasy esasynda goýlan «Madam» sahna oýny hem-de beýleki çykyşlar girizildi. Olaryň içinde «Puşkin» atly sahna oýny hem bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Aýna Jumaýewadan, Alina Andronowadan, şeýle-de artistler Magtymguly Gurbanowdan, Tatýana Öwezmyradowadan, Sofiýa Stepanýansdan ybarat döredijilik topary welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde bolup, tomaşaçylara täsirli sahnalaryny görkezdiler.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli «Sahna täsinligi» atly maksatnamasynda teatryň artistleri uruş ýyllarynyň aýdymlaryny hem-de täsirli edebi parçalary ýerine ýetirdiler.