Turkmenportal logo
Düýn 20:17
4384443844
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Derman gutujygy, ýangyn söndüriji we gadagan çyralar: Türkmenistanda awtoulaglary ulanmakdaky düzgün bozmalary üçin jerimeler ýokarlandy

Apreliň soňky günlerinde Türkmenistanyň sürüjileriniň arasynda administratiwjogapkärçilik baradaky kanunçylyga girizilen üýtgetmeler işjeň ara alnypmaslahatlaşyldy. Turkmenportal neşiriniň redaksiýasy nämäniň üýtgändigini we buüýtgetmeleriň haýsy düzgün bozulmalaryna degişli bolandygyny jikme-jikseljermegi makul bildi. Gürrüň Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň2026-njy ýylyň 11-nji aprelindäki kanun bilen girizilen 211-nji maddasynadegişli üýtgetmeler barada gidýär. Üýtgetmeler maddanyň bäş böleginiň ählisindediýen ýaly jerimeleriň ep-esli ýokarlandyrylmagyna getirdi.

Şeýlelikde, birinji bölege laýyklykda — abzallary, enjamlary we gurluşlaryňbeýleki bölekleri enjamlaşdyrylmadyk ýa-da talaba laýyk oturdylmadyk ulagserişdeleriniň dolandyrylmagy (aýna ýa-da yzky görnüş aýnalary,lukmançylyk derman gutusy, ýangyn söndüriji, heläkçilikli ýagdaýy görkezijibelgi, tigirleriň yza süýşmeginiň öňüni alýan serişdeler, şeýle hem motosikllerde howpsuzlyk egmeleri) üçin jerime 0,1-den bir binýatlaýyn mukdaraçenli ýokarlandyryldy.

Ikinji bölege laýyklykda — ýol hereketine gatnaşýan sürüjiler tarapyndanmotoşlýomlary ýa-da howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalarynyňbozulmagy ýa-da ulag serişdesiniň ýolagçylarynyň bu kadalary berjaýetmegine gözegçilik edilmezligi — jerime 0,2-den bir binýatlaýyn mukdara çenli artdyryldy.

Iň uly üýtgetmeler üçünji bölege degişli boldy. Indi öndürijiler tarapyndangöz öňünde tutulmadyk närseler bilen üpjün edilen ulaglaryň ulanylmagy öňki birbinýatlaýyn mukdaryň ýerine iki binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenilýär. Şeýle enjamlaryň hataryna prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylypýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hembellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryňýüzüne tutulan dürli örtükler (muňa ulag serişdelerinde iki tarapynda yzy görüşdaşky aýnalary bolan we sürüjiniň oturan ýerinden töweregi görüşiniçäklendirmeýän halatlary girmeýär) hem-de ulaga bildirilýän talaplaralaýyk gelmeýän tekerler girýär.

Dördünji bölege laýyklykda — üçünji bölekde görkezilenlerden beýleki dürlinärseleriň ulag serişdelerinde goýulmagy üçin jerime 0,5-den birbinýatlaýyn mukdara çenli ýokarlandyryldy.

Ahyrsoňy, bäşinji bölege laýyklykda — ulagserişdeleriniň daşky yşyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmakkadalarynyň bozulmagy, şeýle hem hapalanan (aýnalaryndan daşyny, döwlet belligealnyş nyşanlarynyň ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da kysymyny,reňkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulagserişdeleriniň, şol sanda daşky yşyk abzallary we yşyk gaýtaryjylary işlemeýänýa-da hapalanan ulag serişdeleriniň dolandyrylandygy üçin jerime 0,3-den birbinýatlaýyn mukdara çenli ýokarlandyryldy.

Mundan başgada, 213-nji maddanyň bozulmagy bilen bagly jerimeler hem üýtgedi, ýagnyindi hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy(telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylaryhowlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) ýa-daulag serişdesiniň onuň daşyna beden synalarynyň görnetin çykarylypdolandyrylmagy hereketleriň edilmegi - binýatlyk mukdaryň ikisi möçberindejerime salynmagyna elter.