2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse girizilen üýtgetmeler güýje girdi. Degişli kanuna ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi. Üýtgetmeler ýol howpsuzlygyndan başlap söwda, saglygy goraýyş we şahsy resminamalaryň goragy ýaly köp ugurlary öz içine aldy.
16 ýaşa ýetmedik çagalaryň çilim çekmegi üçin ene-atalaryň gönüden-göni administratiw jogapkärçiligi girizildi. Kodeksiň 358-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda ýetginjek temmäkä garşy kanunçylygyň talaplaryny bozsa, onuň ene-atasy ýa-da olaryň ornuny tutýan şahslar binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli jerime tölemeli bolar.
Serhoş ýagdaýda ulag dolandyrmak bilen bagly çäreler ep-esli güýçlendirildi. Ulag dolandyrmagy bilkastlaýyn serhoş adama bermek üçin jerime binýatlyk mukdaryň altysyndan onusyna çenli ýokarlandyryldy. Dolandyrmak hukugy bolmadyk, serhoş ýagdaýda saklanan sürüjiler üçin jerimäniň iň pes çägi binýatlyk mukdaryň ýedisinden on iki mukdar möçberine çenli ýokarlandyryldy. Bir ýylyň dowamynda gaýtalanan ýagdaýda iň pes çäk sekizden on ýedi binýatlyk mukdar möçberine çenli artdy. Serhoş sürüjini işe goýberen wezipeli adamlaryň jogapkärçiligi hem ýokarlandyrylyp, bäş binýatlyk mukdar möçberinde kesgitlenen jerime bellenildi.
Resminamasyz ulag sürmek üçin jogapkärçiligiň kadalary täzelendi. Kodeksiň 228-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler sürüjilik şahadatnamasynyň ýanyňda bolmazlygy, şeýle hem möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy bilen ulag dolandyrmak üçin jerimeleri güýçlendirýär.
Hususy lukmançylyk we farmasewtik işi bilen bikanun meşgullanmak baradaky 86¹-nji madda düýpli üýtgedildi. Öňki düzgünlere görä jogapkärçilik diňe saglyga zyýan ýetirilende ýüze çykýan bolsa, indi ygtyýarnamasyz iş alyp barlan ýagdaýynda — netijesine garamazdan — administratiw jogapkärçilik bellenilýär. Jerime bäşden on binýatlyk mukdar möçberine çenli bolup, derman serişdeleri muzdsyz alynýar. Gaýtalanan ýa-da topar bolup edilen ýagdaýlarda ondan ýigrimi binýatlyk mukdar möçberine çenli jerime ýa-da ýedi güne çenli administratiw tussaglyk göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň goragy güýçlendirildi. Kodeksiň 372-nji maddasy indi pasporty girew hökmünde kabul etmegi gönümel gadagan edýär. Bu düzgün bozulan ýagdaýynda fiziki şahslar üçin birden iki binýatlyk mukdar möçberine çenli, wezipeli adamlar üçin bäş, ýuridik şahslar üçin alty binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenilýär. Öň bu ýagdaý diňe duýduryş ýa-da 0,5 binýatlyk mukdar möçberine çenli jerime bilen çäklendirilýärdi.
Daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin esaslaryň sanawy giňeldildi. «Migrasiýa hakynda» Kanunyň 12-nji maddasy alty bölümden on ýedi bölege çenli giňeldildi. Hasaba almak, möhletini uzaltmak we hasapdan çykarmak işleri dolulygyna elektron görnüşe geçirildi. Hasaba almak üçin esaslara ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi, daşary ýurt raýatynyň pasportyny çalyşmak ýa-da uzaltmak ýaly ýagdaýlar goşuldy. Üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin goşmaça hasaba alynmazdan galmagyň möhleti bäş senenama güni, halkara awtoulag gatnawlarynda ulagyň sürüjileri üçin bolsa on bäş güne çenli kesgitlenildi.
Alkogolly içgiler we temmäki önümleri dolanyşygyndaky düzgün bozulmalar üçin jerimeler täzelendi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we internet arkaly harytlar, işler ýa-da hyzmatlar barada bilkastlaýyn ýalan mahabaty ýaýratmak üçin administratiw jogapkärçilik girizildi. Fiziki şahslar üçin jerime 30-dan 50 binýatlyk mukdar möçberine çenli, wezipeli adamlar üçin 40-dan 60-a çenli, ýuridik şahslar üçin bolsa 50-den 75 binýatlyk mukdar möçberine çenli kesgitlenildi.
Kanunçylykda göz öňünde tutulmadyk ýerlerde elden söwda etmek ýa-da hyzmatlary hödürlemek üçin indi duýduryş, harytlaryň muzdsuz alnyp goýulmagy ýa-da 50-den 100 manada çenli jerime göz öňünde tutulýar.
Turkmenportal neşiriniň redaksiýasy 1-nji maýdan güýje giren ähli üýtgetmeleri dolulygyna getirmedi. Üýtgetmeleriň doly sanawy bilen «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň degişli sanynda tanşyp bolýar.