Turkmenportal logo
Şu gün 16:44
28832883
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň JIÖ 77,4 milliard dollara ýetdi

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önümi (JIÖ) 77,4 milliard dollara ýetdi, ykdysady ösüş depgini bolsa 6,3 göterim boldy. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý forumynda mälim etdi.

«Ykdysady ösüş depgini durnukly ýokary bolmagynda galýar we 2025-nji ýylyň hem-de şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça 6,3 göterime deň boldy. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça JIÖ-niň möçberi 77,4 milliard dollara ýetdi» diýip, ministr belledi.

Onuň aýtmagyna görä, ykdysadyýete goýlan maýa goýumlaryň möçberi 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim artyp, 12,8 milliard dollardan gowrak boldy.

«Maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 10 göteriminden gowragyny daşary ýurt maýa goýumlary düzdi» diýip, M.Astanagulow nygtady.

Ministr maýa goýumlar üçin iň ileri tutulýan ugurlaryň nebitgaz pudagy, nebit we gaz himiýasy, energetika, gurluşyk hem-de obasenagat toplumydygyny aýratyn belledi.