Hytaýyň awtoulag öndürijisi Jetour Pekin awtosalonynda täze öňdebaryjy üç hatarly islendik ýol üçin niýetlenen awtoulagy — T8 kysymyny görkezdi. Bu kysym brendiň model hatarynda iň ýokary basgançagy eýelär. Satuwynyň haçan başlanjakdygy häzirlikçe mälim edilmedi — diýip, quto.ru saýty ýazýar.
Modeliň daşky görnüşinde britan islendik ýolda ýöremäge ukyply awtoulaglara mahsus aýratynlyklar görünýär: gapdallarynda howa alyjy deşikleri bolan uly bamper, uly radiator gözenegi, öňki çyralaryň gönüburçly görnüşi, beýik kapot, inedördül tigir örtükleri we kuzowyň iki reňkli bezegi.
Içki bezegi ekologiki deri bilen örtülip, uly sensorly ekranly multimedia ulgamy we wirtual gurallar paneli bilen üpjün edilendir. Üstünde lidar ulgamy hem ýerleşdirilen bolup, bu sürüji üçin ösen kömekçi ulgamlarynyň bardygyny görkezýär.
Deslapky maglumatlara görä, T8 GAIA platformasynda gurlandyr. Hereketlendiriji hataryna 2,0 litrlik benzinli turbo hereketlendiriji hem-de gibrid güýç gurluşy girer.
Jetour Hytaýyň Chery konserniniň düzümine girýär. Bu konsern eýýäm Land Rover ulag kysymynyň stiline meňzeş krossowerleri öndürmek boýunça tejribe toplapdyr. Şonuň ýaly-da, Jaecoo brendi J7 modeli bilen baý enjamlaşdyrylyşynyň hem-de elýeterli bahasynyň netijesinde britan bazarynda belli orunlary eýelemegi başardy.