Turkmenportal logo
Şu gün 15:34
34863486
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arhiýepiskop Feofilakt Türkmenistanda iş saparynda boldy

Rus prawoslaw buthanasynyň Türkmenistandaky dindarlar jemgyýetiniň Patriarhlyk blagoçiniýesini wagtlaýynça dolandyrýan Pýatigorsk we Çerkessk arhiýepiskopy Feofilakt Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada RPB-niň Moskwa Patriarhatynyň resmi saýty habar berýär.

Saparyň dowamynda arhiýereý Tejen şäherindäki apostol Foma ybadathanasyna, şeýle hem Aşgabatdaky Aleksandr Newskiý, Woskresensk we Nikolsk ybadathanalaryna baryp gördi. Baýramçylyk dabaralarynda Feofilakt Türkmenistandaky prawoslaw ruhanylaryna we dindarlaryna Moskwa hem-de Bütinrus Patriarhy Kirilliň Pasha baýramy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Tejendäki apostol Foma ybadathanasynda geçirilen Mukaddes Liturgiýadan soň, arhiýepiskop Feofilakt ybadathananyň ýolbaşçysy iereý Dmitriý Kireýewe buthanadaky bitiren hyzmatlary üçin we ruhanalyk derejesindäki gullugynyň 10 ýyllygy mynasybetli arhiýereý hatyny gowşurdy. Şol gün ol ybadathanada alnyp barylýan gurluşyk we dikeldiş işleri bilen hem tanyşdy. Patriarhlyk blagoçiniýesiniň goldawy bilen amala aşyrylan durkuny täzelemek işleriniň netijesinde, ýekşenbe günleri çagalar we ulular bilen okuw geçmek üçin niýetlenen ýörite otaglar döredildi.

Saparyň dowamynda Aşgabadyň Patriarhlyk ruhy-aň-bilim merkezinde Russiýanyň we Belarusyň ilçileri üçin Pasha kabul edişligi boldy. Baýramçylyk çäresine ilçihanalaryň işgärleri we olaryň maşgala agzalary hem gatnaşdylar.

Arhiýepiskop Feofilakt diplomatlara medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň paýhasly we oýlanyşykly syýasaty, ýerli häkimiýetler bilen özara hyzmatdaşlyk netijesinde prawoslaw jemgyýetleri ösýär, biri-birleri bilen gatnaşyklary berkidýär hem-de ynsanperwer we medeni başlangyçlary durmuşa geçirýärler» diýip, arhiýereý belledi.

Mundan başga-da, arhiýepiskop Feofilakt blagoçiniler geňeşiniň mejlisine ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ybadathanalaryna gelýän dindarlaryň çagalarynyň tomusky dynç alyş wagtlaryny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.