Turkmenportal logo
Şu gün 16:28
55475547
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Singapur mekir we akylly gargalaryň hüjümine uçrady
Surat: rg.ru

Singapuryň ýerli häkimiýetleri garaşylmadyk kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy: şäherde ýaşaýjylaryň köpsanly şikaýatlaryna sebäp bolýan gargalar gitdigiçe köpelýär. Guşlar şeýlebir akylly welin, olary tutmak ýa-da gözegçilik etmek kyn diýip, «Channel News Asia» habarlar ýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Habarda 2024-nji ýylda şäherde gargalaryň 160 müňüsiniň hasaba alnandygy bellenýär. Bu şäher-döwletiň her bir 38 ýaşaýjysyna bir garganyň düşýändigini aňladýar. 2025-nji ýylda guşlardan şikaýat edýänleriň sany-da 15 müňe çenli artypdyr.

Singapurlylar guşlaryň gykylygyndan, çäkleri hapalaýandyklaryndan we özlerini gaharjaň alyp barýandygyndan nägile bolýarlar. Hatda olaryň hüjümleri-de artýar, mysal üçin, geçen ýyl garga hüjümlerinden ejir çekenleriň 2 müňüsi hasaba alnypdyr. Bilermenler emele gelen ýagdaýda adamlaryň özlerini günäkärleýärler, şäherde jemgyýetçilik iýmiti ýerleriniň sany günsaýyn köpelýär, bu bolsa gargalar üçin iýmiti elýeterli edýär. Garbanyşhanalaryň galyndy iýmitleri, zibilhanalar guşlaryň çalt köpelmegine getirýär.

Häkimiýetler bu guşlaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin çäreleri görýärler. Her gün olaryň höwürtgeleri ýok edilýär, tutulýar. Mysal üçin, 2025-nji ýylda 13 müň garga tutuldy. Onsoňam, alty ýyllyk arakesmeden soňra olary atyp ýok etmek dikeldildi. Emma hünärmenler bu çäreleriň täsiriniň azdygyny belleýärler, munuň sebäbi-de gargalaryň mekirligi we bu çärelerden tiz baş alyp çykýandygy bilen baglydyr.