Turkmenportal logo
25.04.26
1455614556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly:

— «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy M.Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri;

— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy B.Amanow «Türkmen bedewi» atly at şaý-sep toplumy;

— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy A.Mälikow «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri;

— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby I.Çüriýew «Bedew — göz guwanjym» atly foto işi;

— Türkmen döwlet medeniýet institutynyň operatoryň işi we montažyň režissýurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Kakabaýew «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar bilen sylaglandy.