Turkmenportal logo
Düýn 22:38
75517551
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy  
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentine ähli watandaşlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, ýurduň atşynaslarynyň adyndan ahalteke atlary sowgat berildi. Şeýle hem ýurduň atşynaslarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine meşhur atlaryň neslinden bolan ajaýyp ahalteke bedewi gowşuryldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, soňra Türkmenistanyň Prezidenti enesi Ogulabat ejäniň örüp miras goýan alajasyny Daghan atly bedewiň, mähriban käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny Arkahan atly bedewiň boýnuna dakdy.

Dabaralaryň ahyrynda bu ýerde şanly sene mynasybetli ajaýyp haly sowgat berildi. Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylar bilen mährili hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňra bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli toý sadakasy berildi.