Turkmenportal logo
Şu gün 19:42
53885388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýda halkara okuwlara gatnaşdylar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlwet lukmançylyk uniwersitetiniň talyp ýaşlary we ýolbaşçy mugallymy Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň binýadynda 2026-njy ýylyň 9-23-nji apreli aralygynda Akupunktura-moksoterapiýa jemgyýetiniň Bütin dünýä federasiýasy tarapyndan geçirilen adaty däl lukmançylyk boýunça halkara okuwlara gatnaşdylar.

Bu halkara okuwlaryň çäginde adaty däl hytaý lukmançylygy boýunça amaly we beýan sapaklarybolup onda, Adaty däl hytaý lukmançylygynyň taryhy, adamlaryň saglygyny dikeltmekde ulanylýan bejeriş usullaryny we dermanlyk ösümlikleriniň ekilişi, ösdürilişi, saklanylyşy, ýygylyşy hem-de derman serişdesiniň ýasalyşyny giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem  bu çärede Adaty däl hytaý lukmançylygyna degişli bolan birnäçe muzeýlere we beýik Hytaý diwaryna syýahatlar gurnaldy.

Ýeri gelende bellesek bu çärä diňe bir ýurdumyzyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyp ýaşlary däl eýsem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň lukman talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.