Turkmenportal logo
25.04.26
1424214242
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda weteranlara Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda zähmet çeken enelere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmagy tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow döwlet Baştutanyna baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurduň ähli künjeginde medeni we jemgyýetçilik dabaralary, ylmy-amaly maslahatlar, uruş ýyllary baradaky söhbetdeşlikler, sazly baýramçylyklar we sergiler geçiriler. Aşgabatda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, welaýatlarda bolsa öweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere gül goýmak dabaralary bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurtda zähmet çeken enelere Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.