Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýändigini hem-de Türkmenistanyň olar bilen gatnaşyklaryny we Garaşsyzlyk ýyllarynda toplan hyzmatdaşlygyň baý tejribesini göz öňünde tutup, birnäçe teklipler beýan edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň alyp barýan syýasatynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletiň bu sebit ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini degişlilikde şol bir wagtda Maldiwler Respublikasyna hem-de Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.