«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly zerur işler amala aşyrylýar. Bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge hem-de önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.