Turkmenportal logo
Şu gün 14:33
34293429
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurtly işewürler Türkmenistandan 2,3 million dollarlyk çig mal satyn aldylar

Çarşenbe güni, 22-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nobatdaky söwdalar geçirildi. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 77 315 000 manada we 2 333 880 amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Daşarky bazarda Gongkongyň we Türkiýäniň işewürleri söwdalaşdylar.  Gonkongyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny, ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli telekeçilerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni, «Türkmenpagta» döwlet konserninden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.