Turkmenportal logo
23.04.26
3511535115
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Ýaponiýanyň ilçihanasy MEXT stipendiýa maksatnamalary üçin arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy resmi web sahypasynda 2027-nji ýyl üçin MEXT stipendiýa maksatnamalaryna gatnaşmak isleýän daşary ýurtly talyplardan arzalaryň kabul edilip başlanýandygyny habar berdi.

MEXT stipendiýa maksatnamalary Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we bakalawr derejesini, aspiranturany (ylmy-barlag maksatnamalaryny), hünär-tehniki bilimi hem-de ýöriteleşdirilen okuw kollejlerini öz içine alýar.

2027-nji ýyl üçin MEXT maksatnamasyna kabul edilmek boýunça synaglar iýun aýynda geçiriler.

Okuwyň ugurlary we arza tabşyrmagyň şertleri barada giňişleýin maglumat bilen ilçihananyň resmi saýtyna girip, tanşyp bolýar.