Turkmenportal logo
Şu gün 09:40
57285728
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň raýatlaryny Brestiň A.S. Puşkin adyndaky döwlet uniwersitetinde okamaga çagyrýarlar: arzalaryň kabul edişligi başlady

2026-njy ýylyň 13-nji aprelinden başlap, Türkmenistanyň raýatlary üçin Brestiň A.S. Puşkin adyndaky döwlet uniwersitetine kabul edişlik möwsümi resmi taýdan başlady. Uniwersitetiň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaş guramasy — Smart Rekrut dalaşgärleri okamaga çagyrýar hem-de okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlarynda doly goldaw berýär.

Kompaniýa giňişleýin hyzmatlary hödürleýär: hünär saýlamakdan başlap, resminamalary taýýarlamaga, onlaýn söhbetdeşlikden geçmäge, çakylyk almaga we Belarus döwletine gitmäge çenli ähli işleri öz içine alýar. Dalaşgärlere umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşýänçä we ýokary okuw mekdebine doly kabul edilýänçä ýardam berilýär.

Okuwa 25 ýaşa çenli dalaşgärler kabul edilýär. Okuw rus dilinde alnyp barylýar we 4 ýyl dowam edýär. Hünär ugurlarynyň arasynda mugallymçylyk, psihologiýa, daşary ýurt dilleri, hukuk, telekeçilik dolandyryşy, şeýle hem tebigy ylymlar we fizika-matematika ugurlary bar. 2026–2027-nji okuw ýyly üçin okuwyň tölegi ýylda 2600 ABŞ-nyň dollaryny düzýär.

Okuwa kabul edilmegiň tertibi resmi wekiliň üsti bilen resminamalary tabşyrmagy, rus dili boýunça onlaýn söhbetdeşligi we uniwersitetden çakylyk almagy öz içine alýar. Belarusa gelenlerinden soň, talyplar hasaba alynýar, lukmançylyk barlagyndan geçýär we umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirilýär.

Smart Rekrut kompaniýasynyň bellemegine görä, işler uniwersitet bilen baglaşylan resmi şertnama esasynda alnyp barylýar, bu bolsa kabul edişlik işiniň ygtybarlylygyny we açyklygyny üpjün edýär.

Okuwa girmek isleýänlere eýýäm häzirden arza tabşyryp, resminamalary taýýarlap başlamak maslahat berilýär.

Türkmenistandaky ofis: Mary şäheri, Mary welaýaty, Täze awtomenzil, 2-nji gat

 Telefonlar: +993 64 360961, +993 65 129456

Minsk şäherindäki ofis: Minsk ş., Surganow köçesi, 2A jaý, 1-26 otag

Telefonlar: +375 29 1275414, +375 29 1931782