Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Behişdi bedewler — türkmen halkynyň şany we buýsanjy» atly baýramçylyk sergisi guraldy.
Muzeýiň saýtynda habar berilşi ýaly, sergide Türkmenistanyň çäginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan bedewleriň gadymy heýkeljikleri görkezilýär.
Şeýle hem sergä gelenler muzeý gaznasyndan alnan seýrek suratlary synlap bilerler. Olarda bedewleriň doly we milli esbaplary bilen surata düşürilen pursatlary, şeýle-de belli suratkeşleriň bu mowzuga degişli çekilen suratlary ýerleşdirilipdir.
Muzeýde gurlan ak öýüň içinde haly önümleriniň dürli görnüşlerini, gotazlar we seçekler bilen bezelen at ýapynjalaryny, haly eýerleri, şonuň ýaly-da döşlük, gamçy we jylaw ýaly at esbaplaryny görmek bolýar.
Mundan başga-da, sergide türkmen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän we döwrüň ösüşlerini alamatlandyrýan birnäçe zergärçilik önümleri hem ýerleşdirilipdir.
Sergini medeni-aň-bilim bölüminiň müdiri Döwlet Rejepow açdy. Soňra söz myhmanlara berildi. Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Ogultaç Oraztaganowa, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bölüm müdiri Aýjemal Baýramowa we başgalar çykyş etdiler.