Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokayewiň başlyklyk etmeginde Astanada geçirilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi. Çärä, şeýle-de, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň liderleri gatnaşdylar.
«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Döwlet Baştutany çykyşynyň başynda şu gezekki sammitiň dünýädäki geosyýasy ýagdaýlaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde geçýändigini aýdyp, şunda esasy maksadyň Merkezi Aziýa ýurtlary we olaryň halklary üçin örän möhüm bolan meseleleriň ikinji derejä geçirilmezligini gazanmakdan ybaratdygyny belledi. Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň ýakasynda ýaşaýan adamlaryň ykbaly ýurtlaryň syýasy we ahlak jogapkärçiligi bolup durýar. Şol bir wagtda ol ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, wajyp ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin döwletlerdir halkara hyzmatdaşlaryň diplomatik tagallalaryny herekete getirmek hem-de ulanmak bilen bagly umumy borçdur. Şoňa görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäginde gaznanyň amaly wezipelerinde jogapkärçilikli we maksada okgunly ünsi jemländigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň, 2023-nji ýylyň maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş geňeşi tarapyndan «BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyrynyň işlenip taýýarlanylmagy ýaly ýurdumyz tarapyndan dürli ýyllarda teklip edilen başlangyçlara aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň sebitleýin ekologiýa meselesi babatda halkara tagallalaryň logiki dowamy hökmünde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini aýdyp, ýakyn wagtda onuň Aşgabatda hereket edip başlajakdygyny, ýurdumyzyň Hökümetiniň bu düzümiň işine ýakyndan ýardam berjekdigini belledi. Aral meselesine çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak ýaly beýleki wajyp ekologik soraglardan üzňe seretmek bolmaýar. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany ekologik howpsuzlyk bilen bagly meselä Merkezi Aziýada durmuş hem-de ykdysady abadançylygy üpjün etmäge degişli umumy wezipeler bilen bitewülikde we bölünmezlikde seretmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr agentlikleri bilen özara gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmak üçin türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde AHHG-nyň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygy mowzugy boýunça Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip etdi. Onda dünýäde dowam edýän geosyýasy hem-de ykdysady üýtgeşmeler göz öňünde tutulmalydyr.
Aral deňzi — Gazagystanyň we Özbegistanyň serhedinde ýerleşýän, öň akarsyz duzly köl bolan suw howdanydyr. 1960-njy ýyllardan bäri esasy iýmitlendiriji derýalar bolan Amyderýanyň we Syrderýanyň suwunyň suwaryş maksatlary üçin alynmagy netijesinde deňziň derejesi çalt peselip başlady.
1993-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň karary bilen, Aral betbagtçylygynyň täsirine sezewar bolan sebitleriň ekologiýasyny sagdynlaşdyrmaga we sebitiň durmuş-ykdysady meselelerini çözmäge gönükdirilen ekologiýa hem-de ylmy-amaly taslamalary, maksatnamalary işläp düzmek we maliýeleşdirmek maksady bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasy (AHHG) döredildi. Gazanany esaslandyryjy döwletler Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandyr.