Turkmenportal logo
Düýn 16:58
1020810208
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň awiakompaniýalary ýangyjyň gymmatlamagy sebäpli uçuşlary ýatyrýarlar
Surat: Surat: inform.kz

Ýangyja nyrhlaryň artmagy bilen baglylykda, dünýäniň birnäçe ýurtdunda howa gatnawlary ýatyrylýar diýip, DW neşirine salgylanýan «Kazinform» habar berdi.

Mysal üçin, «KLM» niderland kompaniýasy maýda Amsterdamyň Shiphol howa menzilinden ikitarapa gatnawlaryň 80-siniň ýatyrylýandygyny mälim etdi.  «Lufthansa» nemes we «United Airlines» amerikan awiakompaniýalary-da düşewüntlilik ýörelgesinden ugur alyp, gatnawlary kemeltdi.

«Cirium» seljeriş kompaniýasy dünýäniň awiakompaniýalarynyň ýolagçy gatnaw mümkinçiligi öň 2026-njy ýylda 4-6 göterim ösüşiň çaklanandygyna garamazdan, maýda takmynan 3 göterim kemeljekdigini duýdurýar.

Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy (IATA) Ýewropada kerosiniň takmynan alty hepdä ýetjekdigini habar berýär. Awiakerosiniň gytlygy Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyk hem-de dünýäniň nebit söwdasynyň 20 göterimi geçýän Ormuz bogazynyň ýapylmagy bilen baglydyr diýlip, habarda bellenýär.