Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) forumynyň çäklerinde Astanada geçirilýän Howanyň üýtgemegi baradaky Merkezi Aziýa maslahatynda (CAClC-2026) Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýurduň howa bilim ugrunda amala aşyrýan çäreleri barada gürrüň berdi.
Ministriň orunbasary ýokary derejeli plenar sessiýada çykyş edip, Türkmenistanyň pugta eýeleýän ornuny mälim etdi: bilim ulgamyna kömekçi pudak däl-de, daşky gurşaw bilen bagly wezipeleri amala aşyrmakda esasy halka hökmünde garalýar. A.Ataýew tebigy şertlere meňzeş tehnologiýalara geçmegiň we zyňyndylary azaltmagyň ykdysady ösüşe garşy gelmän, eýsem, onuň bilen utgaşykly alyp barylmalydygyny nygtady.
Anyk ädimler barada aýdylanda, ministriň orunbasary ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde HZG we Ýewropa bilim gaznasynyň maslahatlary boýunça ýaşyl transformassiýa şertlerinde isleg bildirilýän endiklere baha berlendigini habar berdi. Onuň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň 11 sektory boýunça 156 hünäri öz içine alýan geljegiň hünärleriniň atlasy düzüldi. Olaryň köpüsiniň hünär talaplaryna howa we ekologiýa mowzuklary bilen baglanyşykly kompetensiýalar girizildi.
Mekdep bilimi derejesinde entek 2019-njy ýylda BMGÖM-niň goldawy bilen ýurduň ähli mekdeplerine «howa gutusy» ýaýradyldy. 2022-nji ýylda mugallymlara howa mowzugyny okatmaklyga utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän bäş okuw dersi boýunça usulyýet materiallary işlenip düzüldi. 2025-nji ýylda ÝUNISEF-iň goldawy bilen meňzeş materiallar mekdep ýaşyna çenli edaralar üçin hem taýýarlandy.
Howa wezipeleriniň sebit derejesi barada durup geçip, A.Ataýew plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň howa tehnologiýalary boýunça merkezi döretmek baradaky öňe süren başlangyjyny aýratyn belledi we munuň uzakmöhletleýin howa meýilleşdirilişi hem-de Milli derejede kesgitlenen goşantlaryň maksatlaryny berjaý etmek nukdaýnazaryndan örän möhümdigini görkezdi.