Turkmenportal logo
Şu gün 09:28
60836083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Apple kompaniýasynda baş direktor çalşylar: John Ternus 1-nji sentýabrdan kompaniýanyň ýolbaşçysy bolar

Apple kompaniýasy Tim Kukuň direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesine geçjekdigini, enjamlary ösdürmek boýunça uly wise-prezident John Ternusuň bolsa 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan kompaniýanyň täze baş direktory (CEO) boljakdygyny habar berdi. Bu karar direktorlar geňeşi tarapyndan biragyzdan goldanyldy we ýolbaşçylygyň dowamlylygyny üpjün etmek boýunça uzak möhletleýin meýilleşdirmegiň netijesi boldy — diýip, vc.ru saýty ýazýar.

Tim Kuk 2011-nji ýyldan bäri Apple kompaniýasyna ýolbaşçylyk edip gelýärdi, ol bu wezipede Stiw Jobsy çalşypdy. Şol ýyllaryň dowamynda kompaniýanyň bazar gymmaty 20 esse artdy we 4 trillion dollardan geçdi. Tomusyň ahyryna çenli ol baş direktor wezipesini ýerine ýetirmegini dowam etdirer we wezipesi boýunça işlerini ýuwaşlyk bilen tabşyrmak bilen meşgullanar. Ýerine ýetiriji başlygyň täze wezipesinde Kuk beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky kadalaşdyryjy edaralar we syýasatçylar bilen gatnaşyklara üns berer.

John Ternus 51 ýaşynda bolup, 2001-nji ýyldan bäri Apple kompaniýasynda işleýär. Ol kompaniýanyň esasy önümleriniň — iPhone, iPad, AirPods we Apple Watch — işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşdy. Şol bir wagtda Jony Srauji enjamlary ösdürmek boýunça direktor wezipesine bellendi.