Turkmenportal logo
Düýn 19:29
79807980
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen BSGG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygynda ministrligiň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSGG-niň arasynda ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn häsiýetli taslama resminamalaryny ilerletmek, şeýle hem bu ugurda öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler Ženewada Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde meýilleşdirilýän çärä taýýarlyk meselelerini ara alyp hem maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we saglygy goraýyş ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.