Turkmenportal logo
Şu gün 17:26
46654665
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Milli janly tebigat muzeýine Gazagystandan dört sany ýolbars getirildi

Gazagystanyň Şymkent döwlet zoologiýa seýilgähinden Türkmenistanyň Milli janly tebigat muzeýine dört sany ýolbars getirildi. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy «Turkmenportal» neşirine habar berdi.

Habarda aýdylyşy ýaly: «Gazagystan Respublikasynyň Şymkent döwlet zoologiýa seýilgähi Aşgabat haýwanat bagyna sowgat hökmünde iki jübüt ýolbars berdi».

Haýwanlaryň berilmegi, Türkmenistanyň Milli janly tebigat muzeýiniň 2024-nji ýylda Ýewraziýa sebit haýwanat baglarynyň we akwariumlarynyň assosiasiýasyna (ЕРАЗА) agza bolmagyndan soňra, hyzmatdaşlyk çäklerinde amala aşyryldy. Halkara hünärmenler bileleşigine goşulmak seýrek duş gelýän görnüşleri saklamak ugrunda tejribe alyşmagy, haýwanlaryň görnüş sanyny köpeltmegi we biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça döwrebap ylmy usullary ornaşdyrmagy öz içine alýar.

Mundan ozal Wolokolamskdaky seýrek duş gelýän ýabany haýwanlary köpeltmek merkezi tarapyndan Aşgabat haýwanat bagyna Sumbar atly goňur aýy berlipdi. Soňra bolsa onuň ýanyna Moskwa haýwanat bagyndan getirilen Aýdere atly aýy goýberildi.