Türkmenistanyň ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Farhodşoh Rahmonali bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Duşenbedäki diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly hem-de goňşuçylyk häsiýetine eýedigini nygtadylar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şol sanda işewürlik forumlaryny we sergileri geçirmek, işewürleriň toparlarynyň wekiliýetlerini alyşmak, şeýle hem iki ýurduň çäklerinde söwda öýlerini döretmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar haryt dolanyşygyny artdyrmaga, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.