Turkmenportal logo
Şu gün 13:27
31993199
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndysy CAVA-2026 uniwersiadasynyň çempiony boldy

Türkmen woleýbolçylary Özbegistanda geçirilen «CAVA 2026 Men's and Women's Universiade Games» atly halkara ýaryşynda altyn medallara mynasyp boldular. Merkezi Aziýanyň woleýbol assosiasiýasy (CAVA) tarapyndan guralan bu bäsleşik Samarkant şäherinde geçirilip, oňa sebit ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlary gatnaşdy.

Türkmenistana bu ýaryşda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen ýygyndy topar wekilçilik etdi.

Final duşuşygynda türkmen woleýbolçylary Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşdylar. Birinji orny kesgitleýän oýunda Türkmenistanyň topary ýokary sport ussatlygyny, sazlaşykly hereketleri we güýçli topar ruhuny görkezip, 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýurt boýunça sport hünärmenleriniň bellemeklerine görä, talyplardan düzülen ýygyndynyň bu üstünligi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitindäki sport abraýyny has-da berkitdi.