18-nji aprelde Antalýada bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy. Iki tarapyň hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny goldamaga we mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigi tassyklanyldy.
Gatnaşyklaryň amaly ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we ynsanperwer ulgamy boýunça gatnaşyklary amala aşyrmak meselelerine garaldy diýlip, habarda bellenilýär.