18-nji aprelde Antalýada Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýyl iki ýurtda hem geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklara taýýarlyk görmäge aýratyn üns berdiler diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Şeýle-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.