Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň öňünde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli resminama gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň garmagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Galkynyş» döwlet gaz kärhanasyny bellenilen tertipde döretmek hem-de bu kärhananyň tertipnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.