Turkmenportal logo
Şu gün 18:58
16411641
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
3 aýda 80 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 80 müňe golaý Türkmenistanyň raýaty Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berd

Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe 79 müň türkmenistanly jahankeşde goňşy ýurda syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,1 müň sany köpdür. 

Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurda syýahat etmek üçin baran raýatlarynyň sany boýunça ýedinji orny eýeledi. Sanawda ilkinji bäşlikde Gyrgyz Respublikasynyň (807 müň), Täjigistanyň (713,9 müň), Gazagystanyň (681,9 müň), Russiýanyň (223,2 müň) we Owganystanyň (120,1 müň) ady bar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 3 aýynda Özbegistan 2 million 872,5 müň daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 36,6 göterim ýokarlandy.