Turkmenportal logo
Şu gün 12:06
90319031
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat» stadionynda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda welosiped ýaryşlary geçirildi

18-nji aprelde Aşgabat stadionynyň çäginde ýurduň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda welosport boýunça ýaryşlar geçirildi.

Sport çäresine «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky we «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky ýaly Türkmenistanyň öňdebaryjy maliýe edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýaryşyň netijeleri boýunça ähli gatnaşyjylaryň arasynda iň gowy netije görkezip, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň işgäri Kuwwat Çaryýew birinji orny eýeledi.