Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen «Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işini tamamlady. Halkara maslahatyň ikinji güni onuň işi bölümçelerde dowam etdi, şeýle hem jemleýji maslahat geçirildi. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.
Sanly ugam arkaly geçirilen ylmy-amaly maslahatyň işi «Türkmenistan – ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny», «Halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Taryhy we medeni mirasy öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň meseleleri» atly bölümçeleriň üçüsinde alnyp baryldy.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjy Russiýa Federasiýasynyň, Italiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Namibiýanyň, Ruandanyň, Tanzaniýanyň we Türkmenistanyň professor-mugallymlary, alymlary bölümçelerde möhüm meseleleriň çözgütlerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara maslahatyň bölümçelerinde dünýäde möhüm meseleleriň biri bolan medeni mirasy öwrenmekde hem-de goramakda halkara hyzmatdaşlygynda alnyp barylýan işlerde oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alynýandygy barada ylmy nutuklar diňlenildi. Çykyşlarda daşary ýurtly professor-mugallymlar, alymlar wekilçilik edýän ýurtlarynda bu ugurda alyp barýan işleri we tagallalary birleşdirmek bilen öňde durýan wezipeler barada çykyş etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşan professor-mugallymlar, alymlar halkara ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylykly derejesinde geçirilendigini bellediler. Mejlisde bölümçeleriň işine degişli hasabatlar diňlenildi.
Hasabatlarda täze taryhy eýýamda medeniýetleri birleşdirmek bilen, halkara derejede geçirilen ylmy-amaly maslahatyň taryhy häsiýete eýe bolup durýandygy bellenildi, şeýle-de çykyşlarda has tapawutlanan professor-mugallymlara, alymlara, ylmy işgärlere, aspirantlara, doktorantlara ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.