Turkmenportal logo
Şu gün 09:42
45054505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDU-da Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça birnäçe meselelere ünsi çekdiler. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.