Turkmenportal logo
17.04.26
140104140104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalar temmäki önümlerini çeken ýagdaýynda ene-atalara jerime salnar

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň ene-atalaryň we olaryň ornuny tutýan şahsyýetleriň çagalary ýeterlik derejede terbiýelemek we okatmak boýunça jogapkärçiligine bagyşlanan 358-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler güýje girip başlar.

Kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekildi. Esasy täzelik hökmünde maddanyň altynjy bölüm bilen üstüniň doldurylmagy boldy, ol çagalaryň temmäki önümlerini çekmek gadagançylygyny bozandygy üçin ene-atalaryň gönüden-göni administratiw jogapkärçiligini ilkinji gezek girizýär.

Eger-de on alty ýaşyna ýetmedik ýetginjek Türkmenistanyň temmäkä garşy kanunçylygynyň talaplaryny bozan halatynda, ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutýan şahsyýetler binýatlyk mukdarynyň birinden ikisine çenli möçberde jerime tölemäge borçly ediler.

Mundan başga-da, maddanyň birnäçe hereket edýän bölümleri boýunça çäre görmelere düzediş girizildi. On alty ýaşyna ýetmedik ýetginjekler tarapyndan lukman bellemezden neşe serişdeleriniň ulanylmagyna degişli bolan ikinji bölüm boýunça duýduryş bermek mümkinçiligi aýryldy: indi bu düzgün bozma bir binýatlyk mukdary möçberinde jerimä elter.

Şonuň ýaly-da, üçünji bölümde bar bolan çäre görme birleşdirildi — on dört ýaşyndan on alty ýaşyna çenli ýetginjekleriň ownuk düzgün bozmalary üçin jerime hem bir binýatlyk mukdary möçberini düzer.

Kämillik ýaşyna ýetmedik pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagyny kadalaşdyrýan dördünji bölüm boýunça jerime bellenen 0,4-den 0,5-e çenli binýatlyk mukdaryndan bir binýatlyk mukdaryna çenli artdyryldy.