Turkmenportal logo
Şu gün 13:24
84808480
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda pasporty zamun hökmünde ulanmagyň öňüni almak boýunça kanunçylyk taýdan goragy güýçlendirildi

Türkmenistanda administratiw hukuk bozulmalary baradaky Kodeksiň 370-nji, 371-nji we 372-nji maddalaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bagly düzgünleriň bozulmagy üçin jogapkärçiligi öz içine alýan üýtgetmeler girizildi. Degişli kanun 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilip, ol 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.

370-nji madda täze neşirinde beýan edilip, onuň ady hem anyklaşdyryldy — «Pasportyň zaýalanmagy ýa-da ýitirilmegi». Resminama iki görnüşli hukuk bozulmany tapawutlandyrýar. Pasportyň seresapsyz saklanmagynyň netijesinde zaýalanmagy ýa-da ýitirilmegi indi birden üç binýatlyk mukdara çenli jerime salynmagyna eltýär. Pasporty bilkastlaýyn zaýalamak üçin bolsa üçden bäş binýatlyk mukdara çenli jerime göz öňünde tutulýar. Öň bu hereketleriň ikisi hem bir kadada birleşdirilip, duýduryş ýa-da bir binýatlyk mukdara çenli jerime bilen jezalandyrylýardy.

371-nji maddada jerimeleriň möçberleri üýtgedildi: birinji bölüm boýunça jerime «ikiden bäşe çenliniň» ýerine «üçden alty» binýatlyk mukdara çenli, ikinji bölüm boýunça bolsa «bäşden sekize çenliniň» ýerine «altydan on» binýatlyk mukdara çenli ýokarlandyryldy.

Pasporty bikanun almak bilen bagly jogapkärçiligi düzgünleşdirýän 372-nji madda hem täze neşirinde beýan edildi. Indi kadada pasporty kanuny esas bolmazdan almak bilen bir hatarda, ony zamun hökmünde kabul etmegiň hem gadagan edilýändigi açyk görkezilýär. Bu düzgün bozulmalar üçin fiziki şahslara birden iki binýatlyk mukdara çenli, wezipeli şahslara bäş, hukuk şahslaryna bolsa alty binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenilýär. Maddanyň öňki neşirinde diňe duýduryş ýa-da 0,5 binýatlyk mukdara çenli jerime göz öňünde tutulýardy.