Turkmenportal logo
Şu gün 13:01
1123811238
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüni tutdy.

Çärä Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde ýurda gelen HHR-iň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan hem gatnaşdy.

Dördünji tapgyryň düýbüni tutmak dabarasy ýylda gaz çykarylyşyny 10 milliard kubmetr artdyrmak boýunça gurluşyk işleriniň resmi taýdan başlanandygyny aňladýar. Bu taslama Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekipdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli düzümleri, şol sanda ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we «ulanyşa dolly taýýar» görnüşde gurmak barada «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat berildi.