Turkmenportal logo
Şu gün 17:33
68996899
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýfel diňiniň bir bölegi satuwa çykarylar
Surat: daryo.uz

«Artcurial» fransuz auksion öýi 21-nji maýda Eýfel diňiniň özboluşly basgançagynyň bir bölegini satuwa çykarylar. Bu barada «The New York Times» gazetine salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.

Gürrüň binanyň ikinji derejesine çykylýan aýlaw görnüşli basgançagyň bölegi barada barýar. Ony fransuz inženeri Gýustaw Eýfel taslamalaşdyrypdyr, 1983-nji ýylda gurnamany liftleri oturtmak üçin aýrypdyrlar. Basgançagy 24 bölege bölüp, dördüsi muzeýlere gowşurylypdyr, 20-si auksionlarda satylypdyr. Ady gizlin galdyrylan fransuz telekeçisiniň satyn alan bir bölegi ýene satuwa çykarylýar.

Beýikligi 2,7 metr, 14 derejeden ybarat bolan bölegiň bahasy 120 müňden 150 müň ýewro aralygynda bolar diýlip çaklanýar.

Öň, 2016-njy ýylda hem basgançagyň beýleki bir bölegi 523 müň ýewro satylypdyr, bu rekord nyrhdyr. «Artcurial» söwdalaşyk öýi bu gezek rekordy täzelemäge garaşýar.