Turkmenportal logo
Düýn 16:11
1294712947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady

Aşgabatda «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Ýokary derejeli plenar mejlisiniň esasy mowzugy strategik energetika hyzmatdaşlygyny, maýa goýumlary we gaz pudagyny ösdürmekdäki täze maksatlary öz içine alýar.  Maslahata Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow moderatorlyk edýär. Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan, döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, şeýle-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan dagy çykyş edýärler.

Maslahatyň maksatnamasy iki sany mowzuklaýyn sessiýany öz içine alýar: Birinji sessiýa Türkmenistanda ileri tutulýan gaz taslamalaryna —  maýa goýum mümkinçiliklerine we eksport düzümini ösdürmäge bagyşlandy. Ikinji sessiýa hünärmenleri taýýarlamak we iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine gönükdirildi.

Çäräniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryny özleşdrimek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da maslahata gatnaşyjylar, ýöriteleşdirilen sergä aýlanyp görýärler.