Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory we wekiliýet agzalary bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa adaty däl lukmançylygyň aýratynlyklary we onuň gazananlary bilen gyzyklanýandyklaryny belläp, lukmançylygyň bu görnüşini çagalaryň saglygyny goramakda peýdalanmak üçin hytaý tarapynyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentine hoşallyk bildirip, dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýän Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Rektor häzirki döwürde Awstraliýada, Russiýada, ABŞ-da, Germaniýada Adaty däl lukmançylyk merkezleriniň açylandygyny, bu sanawa Türkmenistanyň hem goşulmagynyň ýurtda ynsan saglygyny goramaga, bejerişiň ähmiýetli ugurlaryny peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini subut edýändigini aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.