Hytaýyň adaty lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwnyň ýolbaşçylygyndaky Pekin uniwersitetiniň wekiliýeti Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine baryp gördi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.
Soňra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
TDH-niň habar bermegine görä, bu karar lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ýolunda möhüm ädim boldy.