Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda bu ýokary okuw jaýynyň düzüminde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin hytaý lukmançylygy uniwersiteti bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmak işine mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa «Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory» ady dakyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory bu hormatly adyň dakylmagynyň özi üçin belent mertebedigini, bu derejäni tutuş hytaý lukmançylygyna bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini belledi. Munuň üçin lukman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan etdi.