Belarusyň «BelIndTravel» syýahatçylyk operatory belarus syýahatçylary üçin türkmen ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Aleksandr Krotow «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, belarusly syýahatçylar üçin iň özüne çekiji ýerleriň arasynda Köwata ýerasty köli, taryhy we etnografik gözel ýerler, milli aşhana hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bar.
Şol bir wagtyň özünde, gapma-garşy ugurda – Türkmenistandan Belarusa syýahatçylaryň akymy eýýäm berk esas döredipdir. Krotow iki ýurduň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň on ýyldan gowrak wagt bäri ösdürilýändigini belläp geçdi. Şeýle-de türkmen syýahatçylarynyň ep-esli bölegi Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň ene-atalarydyr. Kompaniýa olar üçin ýakynlaryna baryp görmek bilen medeni dynç alyşy utgaşdyrýan ýörite ekskursiýa maksatnamalaryny taýýarlaýar.
«BelIndTravel» sergide ondan gowrak ugurlary hödürledi: watançylyk syýahatçylygy – Brest galasy we «Hatyn» ýadygärlik toplumy; ekologik ugurlar – Belowej puşçasy we ÝUNESKO-nyň sanawyndaky desgalary; senagat syýahatçylygy – «BELAZ» zawodyna ekskursiýalar.
«Her bir myhman özüne laýyk ugur tapar. Biz türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmegi maksat edinýäris» diýip, Krotow sözüni jemledi.
«Turkmentravel – 2026» sergisi we maslahaty 14–16-njy aprel aralygynda Aşgabatda geçirilýär.