Turkmenportal logo
Şu gün 08:54
24102410
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uganda türkmen syýahatçylaryny safari gezelenjine çagyrýar

Ugandanyň syýahatçylyk geňeşi Aşgabatda açylan «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisinde we maslahatynda ilkinji gezek öz ýurdunynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Afrika ýurdy türkmen syýahatçylaryny safari gezelençlerine, Niliň gözbaşyna we özboluşly medeni däp-dessurlary bolan 52-den gowrak halkyň arasyna myhmançylyga çagyrýar.

Ugandanyň syýahatçylyk geňeşiniň marketing boýunça hünärmeni German Olimi ýurduň örän baý tebigy we medeni mirasa eýedigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bu ýerde gorillalary, şimpanzeleri, žirafalary we ekzotik guşlary görüp bolýar, suw syýahatyny söýüjiler bolsa dünýäniň iň uzyn derýasy bolan Niliň gözbaşyna we planetanyň süýji suwly ikinji uly kölüne baryp bilerler.

«Bizde 52-den gowrak taýpa bar we olaryň her biriniň iýmitleniş we geýniş usullaryndan başlap, toý dabaralaryna we diline çenli özboluşly medeniýeti bar. Başdan geçirmeleri gözleýänler, safari gezelenjine gitmek, gorillalary, şimpanzeleri, žirafalary we ekzotik guşlary görmek isleýänler — Uganda hoş geldiňiz!» diýip, ol belledi.

Olimi bu sergä gatnaşmagyň amaly maksadynyň bardygyny — Türkmenistandan hyzmatdaşlar tapmagy we iki ýurduň arasynda özara syýahatçylyk alyş-çalyşygyny ýola goýmagy nygtady.

«Turkmentravel – 2026» sergisi we maslahaty 14-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär. Çärä öz ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini we halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri hödürleýän ýerli hem-de daşary ýurtly kompaniýalar gatnaşýarlar.