Turkmenportal logo
14.04.26
93009300
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-de Türkmenistanyň syýahatçylygy ösdürmek mümkinçiliklerine baha berildi

Türkmenistan görnetin we bäsleşige ukyply syýahatçylyk ugruna öwrülmek üçin ähli şertlere eýedir. Bu barada BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Ýewropa boýunça sebit direktory Kordula Wolmut «Turkmentravel 2026» maslahatynda eden çykyşynda nygtady.

«Merkezi Aziýa şu günki günde dünýäniň iň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň birine öwrülýär. Umumy miras, strategik ýerleşiş we ösýän arabaglanyşyk güýçli sebitara syýahatçylyk ugruny kemala getirmek üçin üýtgeşik mümkinçilikleri döredýär. Mundan başga-da, sebit durnukly we howpsuzdyr. Türkmenistan bu babatda örän möhüm orun eýeleýär» diýip, ol belledi.

Wolmutyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň we UNWTO-nyň hyzmatdaşlygy esasy ileri tutulýan ugurlara: durnuklylyga, önümleri diwersifikasiýalaşdyrmaga, ugurlary ösdürmäge, sanlylaşdyrmaga, innowasiýalara we maýadarlary çekmäge gönükdirilendir. Gurama ýurduň mümkinçiliklerini açmakda, ilat üçin mümkinçilikleri döretmekde hem-de has durnukly we inklýuziw global syýahatçylyk pudagynyň kemala gelmegine ýardam etmekde mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardyr.

«Turkmentravel 2026» halkara sergisi we maslahaty 14 — 16-njy aprelde Aşgabatda geçirilýär. Çärä syýahatçylyk mümkinçiliklerini, syýahatçylyk ulgamyndaky innowasiýa çözgütlerini we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri hödürleýän ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar gatnaşýarlar.