Turkmenportal logo
Şu gün 11:00
51645164
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip etdi. Öňe sürlen teklipleriň hatarynda Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýandygy beýan edildi.

TDH-niň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri: «Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, onuň ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaç bolsa gerek. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýär» diýip belledi.