Turkmenportal logo
Şu gün 09:18
49484948
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar 29 medal gazandylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 9 — 12-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasyndaky III halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmen okuwçylary jemi 29 medal gazandylar: 6 altyn, 10 kümüş we 13 bürünç.

Bu giň gerimli halkara bäsleşigine Türkmenistandan 58 sany we daşary ýurtlaryň 10-syndan, şol sanda Russiýadan, Ermenistandan, Özbegistandan, Hytaýdan, Belarusdan, Türkiýeden, Eýrandan, Täjigistandan we Gazagystandan 112 sany okuwçy gatnaşdy.

Toplanan medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň okuwçylary birinji orny eýelediler.

Ikinji orny 16 medal bilen Özbegistanyň mekdep okuwçylary eýeledi.

Üçünji orunda bolsa 15 medal bilen Täjigistanyň wekilleri ýerleşdi.

Dabaraly ýagdaýda ýeňijilere medallar we diplomlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy.