Turkmenportal logo
Şu gün 15:24
69766976
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen boksçysy Döwlet Yslamow Ulan-Batorda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen türgeni Döwlet Yslamow Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilýän boks boýunça Aziýa–2026 çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

World Boxing guramasynyň howandarlygynda geçirilýän Aziýa çempionaty 30-njy martdan 10-njy aprel aralygynda dowam edýär. Ýaryşa Aziýa yklymyndan 194 türgen (115 erkek we 79 zenan) gatnaşyp, olar 20 agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşýärler.

Ýarym final duşuşygynda Yslamow Gazagystanyň wekili Aýbek Oralbaýdan 0:5 hasap bilen ýeňildi.

Duşuşykdan soň Oralbaý garşydaşyny gowy tanaýandygyny aýtdy: «Biz Şymkentde bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdik, ol şol wagt biziň bilen türgenleşýärdi, sparring duşuşyklary hem boldy. Ol gowy formada, şu gün sparringlerden has gowy çykyş etdi, sebäbi ol garşydaşlaryny öwrenip, oňat taýýarlyk görüpdi. Bu ýerde gowşak garşydaş ýok — hemmesi güýçli» — diýip, gazak boksçysy belledi.

Final duşuşygynda Oralbaýyň garşydaşy Hytaýyň wekili Danabek Baýkonys bolar. Ol öz ýarym final duşuşygynda hindi türgeni Narendrany tehniki karara laýyklykda 4:1 hasaby bilen ýeňdi.