Turkmenportal logo
Şu gün 14:22
42724272
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda nagt däl tölegleriň möçberi 3 milliard manatdan geçdi

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1-nji martyna çenli bolan döwürde Türkmenistanda nagt däl tölegleriň umumy möçberi 3,25 milliard manatdan gowrak boldy. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan neşir edilýän «Bank habarlarynyň» maglumatlary şaýatlyk edýär.

Düzgünleşdirijiniň statistikasyna görä, töleg terminallary we elektron söwda arkaly hasaplaşyklary öz içine alýan nagt däl amallaryň umumy möçberi 3 252 874 312 manada ýetdi.

Nagt däl tranzaksiýalaryň gurluşynda esasy paýy POS-terminallar we beýleki töleg enjamlary arkaly hasaplaşyklar düzdi – 2,7 milliard manat (umumy möçberiň 83 göterimi). Elektron söwda pudagyndaky amallara 551,6 million manat (17 göterim) düşdi.

Terminallar arkaly nagt däl amallaryň möçberi boýunça 928,2 million manat görkeziji bilen «Daýhanbank» birinji orny eýeledi. Şeýle hem «Türkmenistan» (436,7 million manat) we «Türkmenbaşy» (384,4 million manat) banklary ýokary netijeleri görkezdiler.

Elektron söwda segmentinde 468,5 million manat tranzaksiýa möçberi bilen «Halkbank» öňde barýar. Onlaýn-tölegleriň işjeň ösüşi «Daýhanbankda» we «Senagatda» hem hasaba alyndy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň bank ulgamy bank kartlary boýunça jemi 16,93 million amaly işläp düzdi.