«Maksatly Türkmen» HJ-niň inert argon gazy bilen doldurylan iki gat aýnaly penjireleri birbada birnäçe meseläni çözýär: köçeden gelýän goh-galmagaly peseldýär, tomsuň jöwzasyny saklaýar we ultramelewşe şöhlesini geçirmeýär — bulara garamazdan, durulykda adaty penjirelerden pesde durmaýar.

Her bir penjire awtomatlaşdyrylan liniýalarda ýygnalýar, içki basyşyň derejesi bolsa ýörite enjam arkaly gözegçilikde saklanýar. Argon howadan has dykyzdyr, şonuň üçin ses tolkunlary aýnalaryň arasyndaky boşlukdan kynlyk bilen geçýär — bu, esasanam, köp hereketli ýollaryň golaýyndaky jaýlarda has aýdyň duýulýar. Tomusda gaz gatlagy Gün şöhlesiniň döwülme burçuny üýtgedýär we ultramelewşe şöhlesini özüne siňdirýär, bu bolsa otagy salkyn saklaýar hem-de mebelleriň we dokma önümleriniň solmagynyň öňüni alýar.
Argon bitarap gazdyr: ol yssyz, ýanmaýar we hatda allergiýadan ejir çekýänler we demgysmaly adamlar üçin hem howpsuzdyr.

Habarlaşmak üçin:
salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 28-nji bina;
telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
sosial ulgamdaky sahypasy.