Turkmenportal logo
Şu gün 13:19
98409840
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýa Türkmenistanda täze ilçisini belledi

Martin Bruk Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Italiýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

«Dostlukly ýurt bolan hem-de parahatçylygy we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda dialoga ygrarlylygy Italiýa bilen paýlaşýan Türkmenistan döwletinde ilçi bolup işlemek meniň üçin uly hormatdyr. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan ugur bolar» — diýip, diplomat beýan etdi.

Bruk bu wezipede 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy bolan Luiji Ferrariniň ornuna geldi.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2013-nji ýylyň dekabryndan bäri işleýär, Türkmenistanyň Rimdäki ilçihanasy bolsa 2016-njy ýylyň dekabrynda açyldy.